SPORT

Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy

Şu gün paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň on ýurdundan toparlar gatnaşýar.

Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Gyşky oýunlar sport toplumynyň 10 müň orunlyk ýapyk buz meýdançasyna köp sanly tomaşaçy ýygnandy.

port toplumynyň meýdançasyna bäsleşige gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary getirilýär. Açylyş dabarasynyň resmi bölümi başlanýar.

Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Dabaranyň tolgundyryjy pursaty gelip ýetýär: hokkeý boýunça dünýä çempionaty açyk diýlip yglan edilýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, onuň belent owazynyň ýaňlanmagynda Watanymyzyň mukaddes Tugy ýokary galdyrylýar.

Dabaranyň resmi açylyşy tamamlanandan soň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de sport mekdepleriniň okuwçylarynyň aýdym-sazly sahnalaşdyrylan çykyşlary ýerine ýetirildi.

Dutaryň we gargy tüýdüginiň owazy astynda türgenler görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Şol bir wagtyň özünde, Sport toplumynyň monitorlarynda türkmen tebigatynyň gözelligi, ýurdumyzyň milli gymmatlyklary we baýlyklary barada wideorolik görkezildi.

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşy badalga aldy

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy