BIZNES

“Bagtyýar” paromy Russiýa ugrady

“Deňiz söwda floty” paýdarlar jemgyýetine degişli bolan “Bagtyýar” Ro-Pax kysymly paromy şu ýyl Türkmenbaşy portundan Olýa portuna ilkinji saparyny üstünlikli amala aşyrdy. Paroma azyk önümleri bilen doldurylan tirkegli 40 sany ýük awtoulagy ýüklenen.

Bu gatnaw, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ädimdir. “Deňiz söwda floty” paýdarlar jemgyýetiniň gämileri çalt zaýalanýan harytlary barmaly ýerine gysga wagtynyň dowamynda eltip bermek mümkinçiligine eýedir.

Beýleki ulag görnüşleri bilen deňeşdirilende, parom hyzmaty harytlaryň eltip berme wagtyny azaldyp biler. Harytlary parom bilen daşamak howa gatnawy bilen deňeşdirilende has tygşytly usuldyr. Bagtyýar paromy, ýüküň howpsuzlygyny kepillendirýän häzirki zaman howpsuzlyk we nawigasiýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy