SPORT

“Baýer” 119 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

Germaniýanyň Lewerkuzen şäheriniň “Baýer” topary Habi Alonsonyň tälimçiliginde ilkinji gezek Germaniýanyň çempiony boldy.

42 ýaşyndaky tälimçi Habi Alonsonyň şägirtleri çempionatyň 29-njy tapgyrynda “Werder” toparyny 5:0 hasabynda ynamly ýeňip, çempionatyň tamamlanmagyna 5 hepde galandygyna garamazdan, çempionlygyny yglan etdi.

11 gezek yzly-yzyna çempion bolan “Bawariýa” hem-de “Ştutgart” toparlary hem çempionlyk üçin dalaşgär boldular. Ýöne “Baýer” topary olara hiç hili çempion bolmak üçin mümkinçilik goýmady. Aratapawudy 16 utuga ýetirip, çempion bolmagy kepillendirdi.

Şeýlelikde, “Baýer” topary “Bawariýanyň” 11 ýyllyk çempionlyk üstünliginiň tamamlanmagyna şert döretdi.

Şeýle hem 43 duşuşykda ýeňilmän gelýän “Baýer” topary Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň 2011-2012-nji ýyllarda 43 duşuşykda ýeňilmän goýan rekordyna şärik boldy.

Lewerkuzen şäheriniň topary ýurduň çempionatynyň taryhynda ilkinji gezek çempion boldy. “Baýer” topary mundan ozal, 5 gezek – 1997-nji, 1999-njy, 2000-nji, 2002-nji we 2011-nji ýyllarda “Bundesliga” çempionatynda 2-nji bolupdy.

119 ýyllyk topar taryhynda 3-nji kubogyny gazandy. Mundan ozal, “Baýer” topary 1987/88-nji möwsümde UEFA-nyň kubogyny we 1992/93-nji möwsümde Germaniýanyň kubogyny gazandy.

Toparyň tälimçisi Habi Alonso ozal, Germaniýada futbol oýnap, çempion bolan bolsa, häzir ol tälimçi hökmünde ilkinji kubogyny gazandy. Habi Alonso 2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda “Baýer” toparynyň tälimçisi boldy we 80-nji duşuşygynda toparyny çempion etmegi başardy.

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy