JEMGYÝET

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginde Merkezi Aziýa müdirligi döredildi

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde Merkezi Aziýa we Türki Döwletleriň Guramasy boýunça baş müdirlik döredildi. Bu babatda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gol çeken karary tassyklaýar.

Umuman, türki dilli döwletler bilen hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy üçin Merkezi Aziýa we Türki Döwletleriň Guramasy boýunça baş müdirlik döredildi.

Türkiýänyň daşary syýasat edarasynyň işiniň guramaçylyk şertlerini has-da putgalandyrylmak babatda kabul edilen resminama laýyklykda, Amerika we Latyn Amerikasy bölümleri aýrylyp, Latyn amerika baş müdirligi döredildi.

Şeýle hem Eýran we Yrak Günorta Aziýa bölüminden aýrylyp, Eýran-Yrak baş müdirligi döredildi. Mundan başga-da, ynsanperwer  we tehniki kömekleri alyp barmak maksady bilen ýene-de bir baş müdirlik döredilip, bu işleri utgaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

 

Related posts

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler

Hepdelik täleýnama (22-28-fewral)

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystana 2 jübüt alabaý ibermek kararyna geldi