JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko gutlag hatyny iberdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony ýubileý ýaş toýy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Zähmet Gahrymany diýen adyň dakylmagy bilen gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öz gutlag hatynda Walentina Matwiýenkony şanly ýaş toýy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Zähmet Gahrymany adynyň dakylmagy bilen gutlap, bu ýokary sylagyň Walentina Matwiýenkonyň köp ýyllaryň dowamynda dürli döwlet wezipelerinde netijeli çeken zähmetiniň, şeýle hem Russiýanyň ösüşine goşan saldamly goşandynyň ykrary bolup durýandygy bellenilýär.

Şu gün, ýagny 7-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko 75 ýaşady. Russiýanyň Prezidenti Walentina Matwiýenko Russiýa Federasiýasynyň Zähmet Gahrymahy diýen adyň dakylmagy bilen baglanyşkyl karara gol çekdi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze taslamalar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň käbir etraplarynda täze kazyýet we prokuratura edaralary döredildi

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy