JEMGYÝET

Halkara ýaryşlaryň ýeňijileri sylaglanyldy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan ýurdumyzyň  türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.

Olara döwlet Baştutanymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli guralan çärä Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary döwletleriň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wise-prezidenti, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, türgenler we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň, ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça çäreleriň geçirilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn strategiýanyň hemişe üns merkezindedir.

Sportuň Olimpiýa görnüşleri üçin niýetlenen häzirki zaman sport desgalarynyň gurulmagy, türgenleriň, tälimçileriň we beýleki sport hünärmenleriniň taýýarlanylmagy üçin döwletimiz tarapyndan  ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär.

Ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ähli sebitlerde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş we atçylyk sport toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri we beýleki ugurdaş desgalar guruldy. Mundan başga-da, paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen lukmançylyk, sagaldyş hem-de anyklaýyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Şeýle binýatlaýyn esasda halkara ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny döretmekde uly üstünlikler gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkara ýaryşlarynyň ýeňijilerine – ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

«Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy», şeýle hem «Berkarar döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» öňümizde täze wezipeleri goýmak bilen, türkmen sportuny dabaralandyrmagy, ýurdumyzy mundan beýläk hem halkara sport ýaryşlarynyň, olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap merkezine öwürmegi göz öňünde tutýar» diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň olaryň öňünde sport üstünlikleriniň täze gapysyny açýandygyna aýratyn üns çekdi.

“Siz ata-babalarymyzyň merdana we ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam edip, türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly subut etmelisiňiz! Dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, eziz Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraýyny belende galdyrjakdygyňyza berk ynanýaryn!” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi.

Köp sanly gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda dabaraly ýagdaýda 2024-nji ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda geçirilen halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, tapawutlanan türgenlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda ilkinji gezek Türkmenistan–ÝB işewürler forumy geçirildi

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar