SPORT

40 ýyldan soňra Ispaniýanyň kubogyny eýeledi

Ispaniýanyň futbol çempionatynda kubogy almak ugrundaky ýaryşyň finaly geçirildi. Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşygynda “Atletik Bilbao” topary bilen “Malýorka” topary duşuşdy. Ernesto Walwerdeniň “Atletik” topary esasy wagty 1:1 tamamlanan duşuşykda 11 metrlik jerime urgulary bilen 4:2 hasbaynda utup, 40 ýyldan soňra Ispaniýanyň Kubogyny gazandy.

“Atletik Bilbao” topary soňky gezek bu arzyly kubogy 40 ýyl mundan ozal, 1984-nji ýylda alypdy. Şeýlelikde, topar köp ýyldna soňra 24-nji gezek bu kubogy gazandy.

Ispaniýanyň Kubogyny gazanmakda öňdeligi “Barselona” topary eýeleýär. “Barsa” topary 31 gezek kubogy gazanan bolsa, “Real” topary 20 gezek gazandy.

Tälimçi Ernesto Walwerde mundan ozal, Ispaniýanyň Kubogyny 2018-nji ýylda “Barselona” toparyna tälim berýän döwründe hem gazanypdy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler