JEMGYÝETMagtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymgluy Pyraga bagyşlanan “galam hakly” döredijilik bäsleşigi dowam edýär

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýaşlary akyldar şahyra bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly döredijilik bäsleşiginden ötüri “galam hakly” döredijilik işini yglan edýär. Emeli Intellektiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp geçirilýän döredijilik işi “Ak Tam” hojalyk jemgyýetiniň hemaýat bermeginde geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýyl Türkmenistan Watanymyzda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip atlandyryldy. Üstümizdäki ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen geçýär. Şu ýyl türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň ömrüni we döredijiligini dünýäde giňden wagyz etmek üçin dürli halkara çäreler, maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, edebi agşamlar geçirilýär.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýaşlary akyldar şahyra bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly döredijilik bäsleşiginden ötüri “galam hakly” döredijilik işini yglan edýär.

EMELI INTELLEKTLI DÖREDIJILIK TASLAMAMYZYŇ DÜZGÜNLERI

Biziň bu gezekki taslamamyz düýbünden başgaça bolar. Taslamamyzyň esasynda esasy maksadymyz beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dünýäde has giňden tanalmagyna kiçijek bolsa goşant goşmak, şol sebäpli makalalaryň yhlas bilen ýazylmagy elbetde aýtmasak hem düşnükli zat.

Makalalarda Magtymguly Pyragynyň doglan ýeri, okan ýerleri, şu ýylyň“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip atlandyrylýandygy ýaly ýa-da gündelik her gün okap boljak maglumatlara ýer bermek zerurlygy ýok. Ýagny gönüden-göni tema girip, esasan hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligine salgylanyp, türkmeniň beýik oglunyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ähmiýetlidigini ortaça 1,5-2 sahypa göwrümi bolan makala bilen dünýä okyjylar köpçülgine açyp görkezmek. Şeýle hem makalalarda goşgy setirleriniň köp bolmazlygy zerurdyr, ol hem makalanyň daşary ýurt dillerine has dogry we ygtybarly terjime edilende kynçylyklar döretmezligi üçin göz öňünde tutulandyr.

Elbetde bu aňsat iş däl, ine şol sebäp bilen biz bäsleşik yglan etmeýäris. Bu ýerde awtorlar hiç kim bilen bäsleşmeýärler, biz iň gowy makalalary saýlap alyp, türkmen dilinde gelen eseri, iňlis we türk dilinde terjime edip, emeli intellekte Iňlis dilinde seslendirdip, türkmen, türk we iňlis dillerinde dünýä köpçüligine ýetirmek isleýäris.

Şunuň bilen baglylykda, makalalary www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna hem 3 dilde ýerleşdireris we bu makalalar geljekde köp adamalar üçin gollanma bolup, hyzmatyny berer. Awtorlar kabul etse, şol awtoryň öz suratyny emele intellekte Iňlis dilinde gepledip, makalany göýä awtor iňlis dilinde okaýan ýaly edip, “Atavatan Tv You Tube” kanalynda, www.atavatantv.com saýtynda “@atavatanturkmen” Instagram hasabynda “@atawatanhabarlary” Tiktok hasabynda paýlaşyp bileris. Şol sebäpli awtorlar islese eserleri bilen bir hatarda göniden göni ekrana seredýän fotosuratyny hem iberip bilerler.

Bäsleşige döredijilik işlerine aýratyn gyzyklanýan dürli hünärli ýaşlary, şeýle hem döredijilik işgärleri we dünýäniň islendik ýurdundaky raýatlar çagyrylýar. Eserler türkmen dilinde iberilmeli, emma awtor islese we özünde bar bolsa türk we iňlis dilindäki terjimelerini hem ugradyp biler. Eserler “Makul Hyzmat” terjime merkezi tarapyndan iňlis we türk dillerine terjime ediler.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler taýýar döredijilik işlerini 2024-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli bäsleşigiň guramaçylaryna tabşyrmaly.
Bäsleşige gatnaşyjylar iberýän eseriniň ýanyna özi hakyndaky maglumatlary (işleýän we ýaşaýan ýeriniň salgysy, doglan ýyly, hünäri, telefon belgisini, elektron salgysyny) hem goşmalydyr.
Eserler kompýuterde ýygylyp, elektron görnüşinde “atawatanhabar@gmail.com” şu elektron salga ýollanylmalydyr.
Gelen eserler guramaçylar tarapyndan seredilip, has talabalaýyk hasaplanan eserler iňlis we türk dillerine terjime ediler we taslamanyň çäklerine kabul ediler.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligini Emeli Intellekt bilen dünýä tanyşdyrmak maksady bilen geçirilýän döredijilikli taslamamyza hemaýat-goldawlaryny beren “Ak Tam” hojalyk jemgyýetine öz minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Döredijilik işine gatnaşýan awtorlarymyza galam haky hökmünde 600 manat pul sylagyny berýäris. Tölegler Aşgabat şäherinde Türkmen milli manady görnüşinde eser neşir edilenden soňra 10 gün soňra berilýär, emma iň giç 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 25-ine çenli galam hakyny almalydyr.

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri