Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkamaşa geňeşliginde poliefir we polipropilen süýümlerini öndürýän önümçilik kärhanasy ulanmaga berildi.
Daşary ýurtlardan getirilýän önümleri özümizde öndürmek babatdaky döwlet tabşyryklaryna döredijilikli zähmet bilen jogap bermegi baş ýörelge edinen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Berk önüm» hususy kärhanasy işleriniň örüsini barha giňeldýär. Wekilbazar etrabynyň Mülkamaşa geňeşliginde gurlan hususy kärhana «Berk önümiň» öz serişdeleriniň hasabyna bina edildi. Onuň gurluşygy «Dana çözgütler» hususy kärhanasynyň potratçylygynda alnyp baryldy.
Ýeňil senagatda giňden peýdalanylýan poliefir we polipropilen süýümlerini öndürjek täze kärhananyň önümçilik kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda ýerli çig maldan 20 tonna poliefir ýa-da 10 tonna polipropilen süýümini öndürmäge barabardyr. Bu ýerde oturdylan enjamlar Hytaý Halk Respublikasynyň dünýä belli kompaniýalarynyň iň kämil tehnologiýalary bolup, sintepon öndürmäge mümkinçilik berýär.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, poliefir süýümi ýumşak oýunjaklary, ýorgan-düşekleri we beýleki dokma önümlerini öndürmekde örän amatlydyr. Polipropilen süýümi bolsa lukmançylyk-arassaçylyk hem-de izolýasiýa işlerinde we geotekstil önümçiliginde giňden ulanylýar. Ekologik taýdan arassa bu süýümlere dünýä bazarlarynda hem uly isleg bildirilýär. «Menak» haryt nyşany bilen öndürilýän bu önümiň çig maly ýokary tehnologiýaly enjamlar arkaly 300 gradus derejedäki gyzgynlykda eredilip, howa we suw üsti bilen ýüplük görnüşine getirilýär. Soňra bu ýüplükler gaýtadan işlenilip, ýokary hilli süýüm alynýar we olar kip görnüşinde taýýarlanylýar. Täze kärhananyň ulanyşa girizilmegi bilen, iş orunlarynyň hem onlarçasy döredildi.