DÜNÝÄ

Ahal welaýatynyñ häkimi Demirgazyk Horasan welaýatynda saparda boldy

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyñ häkimi R.Hojagulyýewiñ Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyñ häkimi M.Hosseinejada bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen EYR-nyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtalyp geçildi.

Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşyldy.

Şeýle hem saparyň çäklerinde iki goñşy welaýatyñ işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirildi.

22-nji fewralda Ahal we Demirgazyk Horasan welaýatlarynyň Saglygy goraýyş pudagynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň dowamynda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyñ senagat we gurluşyk önümçiligi hem-de nebit-himiýa toplumy bilen tanyşdyryldy we bu pudaklar babatda hyzmatdaşylygy ösdürmek boýunça özara pikirler alyşyldy.

Related posts

ABŞ-da “six seven” (6–7) sözi ýaşlaryň arasynda trend boldy

Düýeler üçin 5 ýyldyzly myhmanhana

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi: “Ýol kartasy” taýýarlanar