Lionel Messiniň düzüminde çykyş edýän “Inter Maýami” topary ABŞ-nyň “MLS” çempionatynyň täze möwsümine ýeňiş bilen başlady. “Inter Maýami” topary täze möwsümiň ilkinji duşuşygynda “Real Solt-Leýk” toparyny 2:0 hasabynda utdy.
Ýeňiş gazanan toparlaryň gollaryny Robert Teýlor we Diego Gomes geçirdi. Lionel Messi we Luis Suares bu futbolçylara gollaryň paslaryny berdi.
“Inter Maýami” topary 3 utuk jemläp, Gündogar konferensiýa sebitiniň çempionatynyň sanawynda birinji orny eýeledi.
Mälim bolşy ýaly, Luis Suares şu möwsümde Messiniň toparyna goşulypdy. Mundan ozal, bu iki futbolçy Ispaniýanyň “Barselona” toparynda çykyş edipdi.
Messi bolsa, 2023-nji ýylyň tomsunda “Pari Sen-Žermen” toparyndan “Inter Maýami” toparyna geçipdi.
