SIZDEN GELENLER

Bilimli nesil – Watanyň daýanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen ylmynyň we biliminiň rowaçlyklara beslenýän zamanasydyr. Täze taryhy döwürde milli bilim ulgamynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işini kämilleşdirmäge gönükdirilen işler giň gerime eýe bolýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrap-ardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde çagalar baglaryndan başlap, ähli bilim ojaklarynda  bilimiň işini milli ýörelgelerimize, öňdebaryjy dünýä tejribelerine hem-de halkara ülňülere laýyklykda tapgyrlaýyn kämilleşdirmek yzygiderli alnyp barylýar. Häzirki döwürde maglumat tehnologiýalary ýokary depginler bilen ösýär.

Dünýä ylmynyň gazananlarynyň we okatmagyň usullarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen, halkymyzyň milli däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda okatmagyň innowasion usullarynyň hem-de öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleriniň ornaşdyrylmagy dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim syýasatyny döwrüň talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirmäge we ony dünýä derejesine çykarmaga, ýaşlaryň ylmyň soňky gazananlaryny ele almaga bolan hukuklarynyň kepillendirilmegine aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň raýatlarynyň her biriniň bilim almaga bolan hukuklary Esasy Kanunymyzdan ugur alýandyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda her bir adamyň bilim almaga bolan hukugy beýan edilýär.

Häzirki wagtda eziz Watanymyzyň bilim ulgamynda ýaşlaryň hukuklaryny we borçlaryny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek babatynda birnäçe işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň bilim almaga, ylym öwrenmäge bolan hukuklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda milli maksatnamalar, konsepsiýalar durmuşa geçirilýär. Şol maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň kabul edilmegi ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmaga, ýaşlaryň aýratyn gyzyklanýan ugurlaryna bolan gyzyklanmalaryny, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge we olaryň alan bilimlerini durmuşa geçirmäge, Watanymyzyň ösüşine goşant goşmaga mümkinçilik döredýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenmäge ukyply nesil döwletiň hem, milletiň hem geljegi hasaplanýar» diýip bellemegi milli bilim ulgamyny ösdürmek bilen, ýaş nesillerimiziň bilime bolan höwesiniň ýokarlanyp, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmeginde möhüm wezipäni kesgitleýär.

Eziz Diýarymyzyň ylym-bilim edaralarynyň işine aýratyn üns berýän, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Polat Rejepow,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň

Rus dili we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri