SIZDEN GELENLER

Ýaşlaryň gymmatly gollanmasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent, ýokary ahlakly, kämil bilimli ýaş nesli kemala getirmek döwlet ösüşiniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şahsyýetiň umumy medeniýetini, onuň jemgyýetde döredijilik, işjeňlik ukyplaryny kemala getirmekde, oňat bilim-terbiýe almagynda kitaplaryň gymmatly ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby ähli watandaşlarymyz üçin ajaýyp döredijilik sowgady boldy. Bu kitap taryhy jähetden gymmatly ähmiýete eýedir, onda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylda türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleri şöhlelendirilýär. Bu kitap ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany bolup, geljekde bu ugurda gymmatly gollanma, ylmy taglymat hökmünde öwrenilmäge mynasypdyr. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan döwrebap usulda neşir edilen bu kitabyň sahypalarynda ýaşlaryň durmuşyndan bagtly pursatlary açyp görkezýän dürli fotosuratlaryň ýerleşdirilmegi onuň taryhy ähmiýetini has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz kitabynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň beýik işlere çakylyk bolandygyny beýan etmegi ýaşlaryň mümkinçiliklerine, döredijilik ukyp-başarnyklaryna, özleri üçin döredilýän şertlerden netijeli peýdalanyp, beýik maksatlary durmuşa geçirmäge bolan gujur-gaýratlaryna bolan synmaz ynamdan habar berýär. Bu kitabyň ilkinji sahypasynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýen altyn jümleleriň aňyrsynda ýaş nesle bolan mizemez ynam şöhlelenýär. Halkymyzda «Ynam arkasy güýçli» diýen nakyl bar. Ýaş nesil hormatly Prezidentimiz, Gahryman Arkadagymyz, halkymyz, döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän uly aladany, beýik ynamy her ädimde duýup, oňa mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar.

Bu kitapda ýaşlaryň ýurdumyzda tutýan möhüm orny dolulygyna açylyp görkezilýär. Hormatly Prezidentimiziň eseri gazanylan üstünlikleri şöhlelendirmek bilen birlikde, öz Watanyňy söýmekde, oňa ynanmakda nusga alarlyk mekdepdir. Eserde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýaşlarynyň belent sepgitleri, döwletimiziň durmuşyndaky ähmiýetli wakalar, ata Watanymyza we mähriban halkymyza ruhubelentlik bilen gulluk edýän milli ruhly watansöýüji ýaşlaryň şu güni we geljege mizemez ynamy, garaýşy, durmuş ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlar çuň many-mazmun bilen şöhlelendirilýär.

Türkmen ýaşlary Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň goldawyndan ruhlanyp, 2023-nji ýylda  buýsançly zähmet çekdiler. Gazanylan şöhratly wakalar ýokary netijelere beslendi.

Täze ýylyň belent ruhda garşylanýan günlerinde okyjylar köpçüligine gowşan bu eser nebitgazçylar üçin hem geljekki rowaçlyklara başlangyç, badalga berýän gymmatly sowgatdyr we ruhy hazynadyr. Nebitgaz toplumynyň işgärleri kitabyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent maksatlara üstünlikli ýetmekde ruhy goldaw berjekdigine ynanýarlar.

Bu günki gün türkmen ýaşlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  we Gahryman Arkadagymyzyň  daşyna mäkäm jebisleşip, beýik maksatlara tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda okaýarlar, hünär öwrenýärler , döredýärler, gurýarlar, özlerine bildirilýän belent ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Milli Liderimiziň  we Hormatly Prezidentimiziň ynamy  biz ýaşlary täze üstünliklere , belent maksatlara ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitabyny hut ýaşlara , olaryň gazanan üstünliklerine bagyşlamagynda-da  biz şeýle belent ynamy duýýarys. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimziň täze ýylyň bosagasynda  watandaşlarymyza sowgat eden, halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ajaýyp eseri gutly bolsun!

Aýjemal Ýazowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň

Mekdep hem-de mekdebe çenli pedagogika we psihologiýa

usuly birleşmesiniň Mekdebe çenli bilim we terbiýe  mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri