JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Daniýanyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Frederik X-a Daniýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siziň hökümdarlyk etmegiňizde Daniýanyň durmuş-ykdysady babatda ýokary ösüşleri gazanjakdygyna, ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza bolsa täze itergi beriljekdigine ynanýaryn” diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Frederik X-a berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Daniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik we gülläp ösüş arzuw etdi.

Related posts

Zara, Lazerew we Nýuşa-şu gün agşam Awazada

vepa

Türkmenistan Prezidenti gyrgyz halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi