JEMGYÝET

Arkadag bilen Stambulyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

Stambulyň welaýat häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Muhammetnur Öwezow bilen Stambulyň Gubernatory Dawut Güliň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň şäherleriniň arasynda doganlaşan gatnaşyklary ýola goýmak, şol sanda Arkadag we Stambul şäherleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Bulardan başgada, söhbetdeşler Stambulda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler bilen bilelikde geçiriljek dürli medeni çäreleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen diplomaty ýurdumyzda doganlyk halklaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny has-da ilerletmäge aýratyn üns berilýändigini hem nygtady, şeýle hem duşuşygyň dowamynda M.Owezow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby bilen tanyşdyrdy.

Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy babatda hem pikir alyşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy