BIZNES

Aşgabatda Owganystanyň harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler. Bu barada Owganystanyň Söwda we senagat ministrligi habar berýär.

Owganystanyň “Pajhwok” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň söwda we senagat ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Noruddin Azizi bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda işewürlere şertleriň döredilmegi, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin sergi we işewürler forumyny geçirmek babatda pikir alşyldy.

Owgan ministri ilçiniň ünsüni Owganystanyň eksport mümkinçiliklerine, hususan-da, oba hojalyk önümlerini daşary ýurt bazarlaryn ibermegiň mümkinçiliklerine çekdi.

Bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Owganystanyň harytlarynyň sergisini we işewürler duşuşygyny geçirmek babatda ylalaşyldy.

Related posts

Telekeçileriň taslamalary üçin daşary ýurt maýa goýumlary çekiler

«Dell» kompaniýasyndan täze kompýuterler

Ata Watan Eserleri

Suwuklandyrylan gazyň geljekde ykdysadyýetdäki orny