DÜNÝÄ

Daniýanyň täze Patyşasy tagta geçdi

 Daniýanyň Şa zenany Margrete II  tagtdan çekilip, ornuny uly ogly Frederige berdi. Şeýlelikde, Daniýanyň täze Patyşasy Frederik X boldy.

Dabaraly çäre Kopengagen şäherinde döwlet geňeşiniň – ministrleriň geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu dabarada ejesi ogluna tagty dabaraly ýagdaýda tabşyrdy. Bu dabara 100 müňden gowrak adam gatnaşdy.

Daniýanyň Premýer-ministri Mette Frederiksen Patyşa köşgünden Daniýanyň täze Patyşasy Frederik X bolandygyny yglan etdi.

Margrete II 900 ýylyň dowamynda Daniýada tagtdan el çeken ilkinji monarh boldy. Mundan ozal, 1146-njy ýylda Daniýanyň Patyşasy Erik III öz islegi bilen patyşalykdan el çekipdi.
Margrete II 1972-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndan bäri Daniýanyň şa zenany bolup durýar. Ol kakasy Patyşa Frederik IX aradan çykandan soňra tagta geçipdi. Ol 2023-nji ýylyň 31-nji dekabrynda tagtdan meýletin gitjekdigini mälim edipdi.
Daniýanyň patyşalygy Ýewropanyň iň gadymy monarhiýasynyň biridir.

Related posts

Putin we Trampyň 2-nji telefon söhbetdeşligi

Pandalar köpelýär

Tramp dünýä çempionatynyň bije çekilişiginiň senesini yglan etdi