SPORT

Leonardo Bonuççi “Fenerbahçe” toparynda oýnar

Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparynyň Germaniýanyň “Union Berlin” toparyndan transfer eden futbolçysy Leonardo Bonuççi, klubyň taryhyndaky 188-nji daşary ýurtly futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

Leonardo Bonuççi “Fenerbahçe” toparynyň gyşky transfer döwründe toparyna goşan ilkinji futbolçysy boldy. Italýan futbolçy “Fenerbahçe” toparyna geçmek bilen özüniň futbol karýerasyndaky 9-njy toparynda oýnar.

2005-nji ýylda futbol oýnamaga başlan Bonuççi Italiýanyň “Trewiso”, “Pisa”, “Jenoa”, “Bari”, “Ýuwentus” we “Milan” toparlarynda oýnady. Soňra Germaniýanyň “Union Berlin” toparyna goşulypdy.

Italýan futbolçy “Ýuwentus” topary bilen has-da meşhurlyga eýe boldy. Ol dünýäniň iň güýçli goragçylarynyň biri hasaplanýar.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler