JEMGYÝET

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Jidde we Kuala-Lumpura gatnawlara başlaýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde uçar gatnawlarynyň toruny giňelder we awiakompaniýa Saud Arabystanynyň Jidde hem-de Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherlerine awiagatnaw hyzmatyny berip başlar. Kuala-Lumpur şäheirne gatnawlar 15-nji fewralda, Jidde şäheirne bolsa 16-njy fewralda başlanar.

“AeroRoutes” kompaniýasynyň saýtynyň maglumatyna görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Jidde şäherinde hepdede 3 gezek, Kuala-Lumpura bolsa, hepdede 2 gezek uçar gatnawlaryny ýerine ýetirer.

Aşgabat-Jidde, 2024-nji ýylyň 16-njy fewraly, hepdede 3 gezek, Boeing 777-200LR/-300ER

T5883 ASB0255 – 0455JED 77W 2
T5887 ASB0300 – 0510JED 77W 5
T5885 ASB1310 – 1510JED 77L 3

T5884 JED0655 – 1255ASB 77 Вт 2
T5888 JED0710 – 1310ASB 77 Вт 5
T5886 JED2010 – 0210+1ASB 77L 3

Aşgabat-Kuala Lumpur, 2024-nji ýylyň 15-nji fewraly, hepdede 2 gezek, Boeing 777-200LR

T5803 ASB0510 – 0620KUL 77L 4
T5801 ASB1530 – 0240+1KUL 77L 2

T5802 KUL0440 – 1030ASB 77L 3
T5804 KUL1820 – 0 010+1ASB 77L 4

“Türkmenistan” awiakompaniýasy mart aýynda Milan we Hoşimin şäherlerine gatnawlary başlamagy meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary