JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arkadag” toparynyň futbolçylary bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynda “Arkadag” toparynyň ýolbaşçylary we futbolçylary bilen duşuşdy.

Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda “Arkadag” topary Türkmenistanyň çempiony boldy hem-de Türkmenistanyň Kubogyny gazandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Köpugurly sport toplumyna gelip, bu ýerde ilki bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň “Arkadag” toparyna sowgat eden “Man” kysymly awtobusyny synlady.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Arkadag” toparynyň ýolbaşçylary we futbolçylary bilen duşuşdy. Duşuşykda “Arkadag” toparynyň geljekki işleri barada gürrüň edildi. Futbol toparynyň geljekde hem Türkmenistanda we halkara ýaryşlarda üstünlik gazanjakdygyna ynam bildirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arkadag” toparyny gazanan üstünlikleri bilen gutlap, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem üstünlikler gazanmagy arzuw etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň “Arkadag” toparynyň futbol topuna gol çeken pursatyndaky suratyny ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arkadag” futbol toparynyň dünýäniň dürli toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmegiň ähmiýetini belläp, şeýle duşuşyklaryň toparyň futbolçylarynyň tejribesini artdyrmaga mümkinçilik berýändigi bellenildi.

Bu duşuşygyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri “Arkadag” toparynyň ýolbaşçylary we futbolçylary bilen ýadygärlik surata düşdi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze taslamalar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň käbir etraplarynda täze kazyýet we prokuratura edaralary döredildi

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy