BIZNES

Türkmenistan 2024-nji ýylda Fransiýada energetika forumyny gurnar

Türkmenistan tarapyndan her ýyl daşary ýurtlarda dürli sergidir maslahatlar guralýar. soňky ýyllarda hsususan-da nebitgaz pudagyna degişli halkara forumlar geçirilýär. Bu forumlary gurnaýjy taraplaryň biri hem “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýetidir.

“Türkmen Forum” hojalyk jemgyýetiniň berýan maglumatyna görä, 2024-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan Fransiýanyň paýtagty Parižde halkara forum geçiriler.

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde “Türkmenistanyň energetika maýa goýum forumy” guralar. Onda Türkmenistanyň energetika pudagyndaky täze maýa goýum taslamalary hödürlener.

Şeýle hem geljek ýyl 5-6-njy iýunda ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheri bolan Arkadag şäherinde Türkmenistanyň energetika pudagyna degişli ylmy maslahat guralar. Bu forumda uglewodorod babatda gazanylýan ösüşler, metan gazynyň azaldylmagy hem-de durnukly ýaşyl energetika ugurlary boýunça çykyşlar diňleniler.

Mundan başga-da, her ýyl oktýabr aýynda geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT) halkara forumy hem guralar. Bu gezek bu forum 29-njy gezek geçiriler.

Ýene-de okaň

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer