JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar birek-biregi ýetip gelen Täze ýyl baýramçylygy ilen gutlap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ozal gazanan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, şol sanda parlametnara dialogyň çäklerinde gatnaşyklar boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ileri tutulýan ugurlar boýunça işjeňleşdirilýändigine kanagatlanma bildirdiler.

2023-nji ýylyň jemleri boýunça özara söwda möçberi artdy, 1 milliard dollardan gowrak boldy. Aşgabatda we Daşkentde söwda öýleri açyldy, “Şawat-Daşoguz” serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça bilelikdäki işler alnyp barylýar.

Iki ýurrduň öňdebaryjy kärhanalarynyň arasynda senagat, energetika, oba hojalygy, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrylar, sebitara gatnaşyklar giňeldilýär. Üstümizdäki ýylda hökümetara toparyň nobatdaky mejlisi we işewürler geňeşi üstünlikli geçirildi.

Medeni-ynsanperwer maksatnamalaryň çäklerinde bilelikdäki çäreler, şol sanda Medeniýet günleri, döredijilik toparlarynyň saparlary guralýar.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Merkezi Aziýa sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. 2024-nji ýylyň duşuşyklaryň tertibine seredildi.

Ýene-de okaň

BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antoniu Guterriş bilen duşuşygy

Antoniu Guterriş: BMG-niň Awaza forumy uly ähmiýete eýedir

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

“Atawatan Media” topary BMG-niň Awaza forumyna gatnaşýar

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Awaza geldi