Ata Watan YlhamyJEMGYÝET

Ýaşlar watanyň daýanjy

ARKADAG ŞÄHERI – YLHAM

Ýaşlar watanyň daýanjy

Asman Zemin arasynda,
Gökde Günüň parasynda,
Gahrymanlaň saýasynda,
“Ýaşlar Watanyň daýanjy”.
Arkdagdan arkalydyr,
Pederlere sarpalydyr,
Ykballara hormat, gadyr,
“Ýaşlar Watanyň daýanjy”.
Üstünligi, şany bilen,
Halky jiger-jany bilen,
Oguzlaryň ýoly bilen,
“Ýaşlar Watanyň daýanjy”.
Ykballary gülüp bakan,
Bije utup, aty çykan,
Nesibi şu bagta çeken,
“Ýaşlar Watanyň daýanjy”.
Lukman, Milli Lider ýaly,
Beýik maksatda hyýaly,
Diňe öňe saýlan ýoly,
“Ýaşlar Watanyň daýanjy”.
Hak-hukugy, goragy bar,
Ylym, zehin, soragy bar,
Ýurdy, dagy-diregi bar,
“Ýaşlar Watanyň daýanjy”.
Kosmos, sport, sungat, ylym,
Beýiklerden nusga alyň,
Buýsanýandyr türkmen ilim,
“Ýaşlar Watanyň daýanjy”.
Esger kimin durup sap-sap,
Beýgelýändir etap-etap,
Perezidentden peşgeş kitap,
“Ýaşlar Watanyň daýanjy”.
Gülşirin HANOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi