Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen duşuşykda Angliýanyň “Mançester Siti” topary Braziliýanyň “Fluminense” toparyny 4:0 hasabynda utup, ilkinji gezek klublar derejesindäki dünýä çempionatynyň çempiony boldy.
Iňlis topary ynamly oýun gňrkezip, 40-njy sekuntda Hulian Alwares bilen hasaby açdy. 27-nji minutda Fil Fodeniň derweze tarap depen topy brazil futbolçy Ninonyň aýagyna degip, derwezä girdi.
Duşuşygyň ikinji ýarymynyň 72-nji minutynda Fil Foden bu gezek özi tapawutlanmagy başardy. 88-nji minutda bolsa, Hulian Alwarez hasaby 4:0-a çykardy.
Şeýlelikde, Hosep Gwardiolanyň tälim berýän Angliýanyň “Mançester Siti” topary ilkinji gezek bu ýaryşda ýeňiji boldy.
Mundan ozal, bu ýaryşyň finalynda 2011-nji ýylda Ispaniýanyň “Barselona” topary Braziliýanyň “Santos” toparyny 4:0 hasabynda utupdy. Şol döwürde ispan toparyna Hosep Gwardiola tälim berýärdi.
Gwardiola 3-nji gezek bu ýaryşda ýeňiji bolmagy başaran tälimçileriň biri boldy.
