Argentin hüjümçisi Lionel Messi “FourFourTwo” portaly boýunça XXI asyryň iň güýçli futbolçy hökmünde ykrar edildi. Bu sanawda ikinji orny portugal hüjümçi Kristiano Ronaldo, üçünji orny bolsa, ispan ýarymgoragçy Andres Inýesta eýeledi. Şeýle hem ilkinji bäşlikde ispan ýarymgoragçy Hawi hem-de brazil ýarymgoragçy Ronaldinýo orun aldy.
37 ýaşyndaky Messi 2003-2021-nji ýyllarda Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň düzüminde çykyş edip, köp sanly rekordlaryň eýesi boldy. 2023-nji ýylda Messi rekord derejesinde 8-nji gezek “Altyn pökgi” baýragyny gazandy. Ol Argentinanyň milli ýygyndysy bilen 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynda çempion boldy.
38 ýaşyndaky Ronaldo 5 gezek “Altyn pökgi” baýragynyň eýesi boldy. Ol şol bir wagtda 5 gezek Çempionlar ligasynyň çempionydyr. Ol milli ýygyndylaryň arasynda iň köp gol geçiren futbolçydyr. “Sporting”, “Mançester Ýunaýted”, “Real Madrid” we “Ýuwentus” ýaly toparlaryň düzüminde çykyş eden Ronaldo 2022-nji ýylyň dekabrynda Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparyna geçipdi.
