SIZDEN GELENLER

Ýaşlar – geljege umyt

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda ähli ugurlarda ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler, döwrebap şertler halkymyzyň röwşen geljegini gurmakda şu günki günden yhlas bilen goýulýan berk binýatdyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýaşlara bildirilýän belent ynam geljege maýa goýmakdyr. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işler, gazanylýan uly üstünlikler Watanymyzyň nurana ertirlerine uzaýan ak ýollarda kämil ýaşlarymyza daýanylyp, ynamly ädilýän ädimlerdir.

Ýaşlar jemgyýetiň iň işjeň bölegi bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürilmeginde, dünýädäki abraýynyň has-da belende göterilmeginde kesgitleýji orun eýeleýärler. Milli Liderimiz tarapyndan berk binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty bolsa ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi, şahsyýet hökmünde kemala gelmekleri, döwrebap bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil nesiller bolup ýetişmekleri üçin amatly şertleri döretmäge, olaryň ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşmak mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Ýaşlary Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar hasaplaýan hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleri, bildirilýän belent ynamy ödemekde nusgalyk göreldesi, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öwüt-ündewleri türkmen ýaşlaryny täze-täze üstünliklere, ylym-bilimde, sportda, döredijilikde, medeniýetde we sungatda, umuman, ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Belent ynama ygrarly ruhubelent ýaşlar okamak, öwrenmek, döretmek bilen, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar hem-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny taryhy üstünliklere besleýärler.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy häzirki wagtda öňdebaryjy ýaşlary ýüze çykarmakda oňyn işleri durmuşa geçirýär. Muny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň Mary welaýatynda geçirilen «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumynyň mysalynda hem görýäris. Bu forumyň çäklerinde geçirilen dabaralaryň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň medeniýetde, sungatda, ylymda, bilimde, döredijilikde, sportda tapawutlanan ýaşlarynyň 140-syna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy.

Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz taryhymyzy, medeniýetimizi hem-de däp-dessurlarymyzy oňat bilýän, olara baha bermegi, gadyr goýmagy başarýan, maşgala gymmatlyklaryna sarpa goýýan, kämil, beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek babatda edýän tagallalary bagtyýar ýaşlary has-da guwandyrýar.

Biz — ruhubelent ýaşlar belent ynama ygrarly bolarys, özümiz üçin döredilýän mümkinçiliklerden doly derejede peýdalanarys. Şeýle tükenmez bagty peşgeş beren Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Gülnur Tahyrowa,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri