JEMGYÝET

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň mejlisi geçiriler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri Halid Al Falih bilen sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň iýul aýynda Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere garaldy.

Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri özüniň Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň saud böleginiň ýolbaşçysy edilip bellenilendigini habar berdi. Bu toparyň işi baradaky meseläniň üstünde durup geçip, türkmen tarapynyň wekili  Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň 7-nji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, saud tarapy şu ýylyň dekabrynda Saud Arabystany Patyşalygynda Halkara ykdysady forumy geçirmegiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyp, türkmen tarapyny hormatly myhman hökmünde bu halkara çärä gatnaşmaga çagyrdy we şol forumyň yzysüre hökümetara toparyň nobatdaky 7-nji mejlisini geçirmegi teklip etdi. Bu meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin ýakyn wagtda saud wekiliýetiniň Türkmenistana sapar bilen iberilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda Saud ösüş gaznasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek maksady bilen, maýa goýum serişdelerini gönükdirmek bilen baglanyşykly meselelere-de deglip geçildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi