BIZNES

Gazagystan sanly tenge platformasy işe girizildi

Şu gün Almaty şäherinde Gazagystanyň maliýe işgärleriniň XI kongresinde sanly tenge pul birliginiň durmuşa geçirilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Milli töleg korporasiýasynyň başlygy Binur Žalenow, taslamanyň hödürlenen pursatynda sanly tenge kartyny ulanyp ilkinji söwdasyny amala aşyrdy.

“Kazinform” habarlar gullugynyň habar bermegine görä,  Gazagystanyň Milli Banky ikinji derejeli banklaryň we olaryň müşderileriniň gatnaşmagynda sanly tenge platformasyny synagdan geçirdi. Platformanyň arhitekturasy bank müşderilerine hyzmat bankynyň ykjam programmasynda sanly hasap açmak arkaly sanly tengeden peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Sanly tenge nagt we nagt däl pullaryň bar bolan artykmaçlyklaryny birleşdirýär, maksatly durmuş tölegler üçin täze mümkinçilikleri açýar, döwlet satyn almalarynyň netijeliligini ýokarlandyrýar, serhetaşa tölegleri optimallaşdyrýar we programmirläp bolýan tölegleri döredýär.

Sanly tenge üç tapgyrda durmuşa geçirilip, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagyna garaşylýar.

Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň 15-nji noýabrynda çäkli gurşawda we hakyky ulanyjylar bilen sanly tenge platformasy işe girizildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder