JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: YHG-niň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga taýýardyrys

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-niň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny mälim etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Dünýäniň energetika bazarlarynyň umumy durnuksyz ýagdaýda bolmagy, YHG-niň netijeli hyzmatdaşlyk modelini işläp düzmek üçin esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

«Bu, ilkinji nobatda, täze senagat we oba hojalygyň kuwwatynyň artmagy, infrastruktura desgalarynyň gurulmagy we bilelikdäki önümçilik taslamalaryna badalga berilmegi boýunça biziň ýurtlarymyzyň barha artýan energetika isleglerini kanagatlandyrmak üçin zerurdyr» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Arkadagly Serdarymyz Türkmenistan birnäçe bilelikdäki iri energetika taslamalaryny öňe sürendigini we olara YHG-niň käbir ýurtlarynyň hem gatnaşýandygyny aýdyp geçdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz YHG giňişligini öz içine alýan energiýa üpjünçilik ulgamyny döretmek maksady bilen, hyzmatdaş ýurtlarymyzy energetika ulgamynda özara işlerimizi giňeltmäge çagyrdy.

«Men öz tarapymdan, häzirki wagtda bar bolan we geljekde guruljak kuwwatlyklar arkaly YHG-niň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny aýdyp bilerin» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Ýene-de okaň

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri