JEMGYÝET

Beýik Ýaşa

Durmuş umuman erbet däl, çünki beýik adam bolmaga mümkinçilik bar, has dogrysy men durmuşy hut şonuň üçin söýýän, köp kişi bagta ýete-ýete bagtsyz ölýär, a käbirleri bolsa bagta ýetmän-ýetmän bagtly ölüp gitýär. Ýöne iň kyn ýeri onuň şeýledigine özleri düşünmeýärler, ýöne onuň şeýledigine gynanyp otyrasy derejede durmuş gysga däl, ýöne heşelle kakar ýaly derejede uzynam däl.Ömür maksada tarap barýan kerwendir, ajal ýakaňdan tutýança sen şol maksada ýetjek bolmaly,ajal haçan işiňi görerkä diýip garaşyp yörmeli däl, ömür yolynda her bir özine çekiji zada güýmenip otyrsaňyz, siziň şol güýmenyän zadyňyzdan has gymmatly zat, wagt eliňizden gider, şonuň üçinem köp gyzykly zatlary ýylgyryp deňiňizden geçiriň.Sen beýikmi? Diýmek, sen nirde bolsaňam köküňi topraga urmagy başarmalysyň, meň gadyrymy bilenoklar diymeli dälsiň, gadyryň artykmaçlygy adamy lellime öwürýär, bigadyrlylyk bolsa ony igletýär. Abraý bilen ölmäge Hudaý ýetirsin. Olar her niçigem bolsa beýik bolupdyrlar. Bizem her niçigem bolsa beýik bolmaga çalyşmalydyrys.

Ýusup Orazberdiýew

Aşgabat şäheri

 

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy açyldy

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri