Şu gün Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy. Bu barada Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy özüniň “Telegram” jemgyýetçilik torunda habar berdi.
– Hormatly kärdeşim, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy Daşkent şäherinde görmekden hoşaldyryn – diýip, Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy habar berdi.
Duşuşykda ertir Özbegistanda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitiniň gün tertibini hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.
