BIZNES

Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ulag geçelgesi işjeňleşdiriler

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ulag ministrleriniň 12-nji mejlisi geçirildi. Onuň çäklerinde Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ulag geçelgesini işjeňleşdirmek maksady bilen Daşkent jarnamasyna gol çekildi.

Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň habar bermegine görä, bu duşuşyga ulag we infrastruktura ministr Abdulkadir Uralogly bilen bir hatarda Özbegistanyň, Eýranyň, Pakistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň ulag düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasayr Batyr Annaýew türkmen döwletine wekilçilik etdi.

Türkiýäniň degişli ministrliginiň habar bermegine görä, ulag we infrastruktura ministr Abdulkadir Uralogly Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ulag geçelgesini işjeňleşdirmek maksady bilen Daşkent jarnamasyna gol çekilmeginiň ähmiýetini belläp geçdi.

– “Türkiýe-Eýran-Özbegistan-Türkmenistan arasynda ulag geçelgelerinden işini has netijeli peýdalanmak babatda Daşkent Jarnamasyna gol çekdik. Biziň we gyzyklanýan taraplarymyz üçin möhüm ähmiýete eýe bolan ulag geçegeleri ýurtlarymyzyň strategik taýdan ýerleşýän nokadynyň ähmiýetini görkezýär. Dost ýurtlar bilen hyzmatdaşlygymyz has giňelip, hyzmatdaşlygymyzdan güýç alarys” – diýip belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň bilen Özbegistanyň Ikinji sebitara forumy geçiriler

Türkmenistanyň käbir etraplarynda döwrebap demirýol stansiýalary gurlar

Türkmenistanda geljek ýyl 40,1 milliard manat maýa goýum özleşdiriler

Azerbaýjan bilen Gyrgyzystan energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdi

Gyrgyzystan Türkmenistanyň ulag we port hyzmatlaryndan peýdalanmaga gyzyklanma bildirýär

Işewür dünýäsiniň iň täsirli 100 adamy