BIZNES

Oba hojalyk ministrliginiň täze ylmy-barlag institutlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we olaryň tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda ministrligiň:

Ylmy-barlag däneçilik institutyny;

Ylmy-barlag ekerançylyk institutyny;

Ylmy-barlag pagtaçylyk institutyny bellenen tertipde döretmek, şeýle hem şu ylmy-barlag institutlarynyň Tertipnamalaryny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Related posts

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalarda elektron-TIR ulgamyny işe girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen hususy kärhanasy gämi gurmagy meýilleşdirýär

Awtobus arkaly ýolagçylary gatnatmak :Ygtyýarlandyrmak