TEHNOLOGIÝA

2023-nji ýylyň “sözi” saýlandy

“Collins” sözlügi 2023-nji ýylyň sözüni saýlady. Ol hem gysgaltma hökmünde “AI”, ýagny emeli aň sözi saýlanyp alyndy.

– Şu ýylyň merkezinde emeli aň boldy. Onuň ösüş we biziň durmuşymyza aralaşmak depgini köpleri gyzyklandyrdy. Ol häzirki wagtda gündelik tehnologiýa öwrülýär – diýip, “Collins” sözlügi dolandyryjy direktory Aleks Bikroft habar berdi.

Sözlügi düzüjileriň habar bermegine görä, ýylyň sözi 20 milliarddan gowrak söz gory bolan “Collins Corpus”-yň maglumat gorunyň seljerilmeginiň netijesinde belli boldy. Olar tutuş dünýädäki saýtlarda, gazetlerde, žurnllarda, kitaplarda, şeýle hem radiolarda, teleýaýlymlarda we gündelik gepleşiklerde sarp edilýän maglumatlary seljerdiler.

Related posts

«Galaxy A22» ― iň arzan 5G tizlikli smartfon

Gazagystan özüniň superkompýuterini işläp düzdi

Türkmenistanda “Go Viral” taslamasy işjeňleşýär