DÜNÝÄ

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumy gurlar

Ministler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde 4 gatly 472 maşgala niýetlenen Gyýanly ýaşaýyş jaý toplumynyň, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, 120 orunlyk çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşyk işlerine başlamaga taýýarlyk görülýär. Bu taslama döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Related posts

Türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Pakistanyň ýolbaşçy düzümi Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär

Türkmenistan-Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky: ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy