Düýn meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Mukama siňen ömür» atly iki günlük festiwal öz işine başlady. Festiwalyň deslapky gününde paýtagtymyz Aşgabatda, şeýle hem Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda guralan köpöwüşginli çäreler ýokary ruhubelentlige, ajaýyp duýgulara beslenip, olara medeniýet we sungat işgärleri, türkmen sazynyň muşdaklary, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.
Festiwalyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilip, onda ilki çykyşlara orun berildi.
«Mukama siňen ömür» atly festiwalyň çäklerinde başga-da birnäçe çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirildi. Hususan-da, olardan Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki medeniýet öýünde welaýatyň ýörite sungat mekdebiniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda Nury Halmämmedowyň döredijiligine bagyşlanan konsert has-da täsirli boldy. Hut şeýle döredijilik çäresi Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda welaýatyň ýörite sungat mekdebiniň döredijilik toparlary tarapyndan hem guraldy. Konsertlerde ýaş sazandalar halypa kompozitoryň zehininden dörän saz eserleriniň ençemesini ýerine ýetirdiler. Käbir türkmen kino hem-de animasion filmlerinden meşhur aýdymlar we sazlar tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Olar bu mukamlary diňläp, saz sungatynyň adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmagyň iň gadymy serişdeleriniň biridigine we häzirki döwürde-de onuň ähmiýetiniň barha artýandygyna, halklary jebisleşdirmäge, ynanyşmak we parahatçylyk medeniýetini kemala getirmäge ýardam berýändigine göz ýetirdiler.
