JEMGYÝET

ABŞ-da Türkmenistanyň sungat ussatlaryň konserti geçirildi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Bu çärelere “Ata Watan Media” topary hem gatnaşýar.

Ýurdumyzyň uly döredijilik toparynyň gatnaşmagynda geçirilýän Medeniýet günleriniň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Oňa Albukerke şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň ABŞ-nyň ilçisi Meret Orazow, ABŞ-nyň dürli ştatlarynda ýaşaýan türkmen raýatlary we ABŞ-nyň raýatlary gatnaşdy.

Medeniýet günleriniň çäklerindäki konsert maksatnamasynda Albukerke şäheriniň häkimi hem-de Türkmenistanyň ABŞ-nyň ilçisi Meret Orazow dagy çykyş edip, iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilýändigini belläp geçdiler.

Resmi çykyşlardan soňra ýurdumyzyň sungat ussatlary öz çykyşlaryny görkezdiler. Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowa we «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa tans topary çykyş etdi.

Şeýle hem dabarada ýurdumyzyň meşhur sungat işgäri Guwanç Ýazmämmedow özüniň söýgüli aýdymlary bilen tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçysy Gülşirin Annamyradowa dutarda ýerine ýetiren aýdymlary bilen hemmeleriň söýgüsini gazandy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu sungat forumynyň çäklerinde sergi guraldy we Nýu-Meksiko uniwersitetinde beýik şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Türkiýe: bilim hyzmatdaşlygynda täze teklipler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Şapak» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar Türkmenistany Kaliforniýada tanyşdyrdylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Sun Sinlin gaznasynyň işi bilen tanyşdy

Türk alymy Alişer Nowaýy adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri