BIZNES

Türkmenistanyň Prezidenti bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkekde geçirilýän GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi teklip etdi.

«Ykdysadyýetde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan ugry hasaplaýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň aýtmagyna görä, 2019-njy ýylda Aşgabatda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama gol çekildi, soňra ol kabul edilen GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasynyň esasyny düzdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň giň gerimli «Demirgazyk-Günorta» we «Gündogar-Günbatar» düzümleýin geçelgeleri ösdürmek babatda energetika, ulag-kommunikasiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başyny başlan taslamalarynyň Arkalaşygyň döwletleri üçin wajypdygyna ynanýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýtmagyna görä, biz Hazar-Gara deňiz we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleriniň ulag gatnawlary, şeýle hem Aýlagyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen logistiki mümkinçilikleri artdyrmaga uly ähmiýet berýäris.

«Häzirki wagtda dünýäniň ykdysady çökgünligi, ählumumy ýangyç-energetika bazarynda durnuksyzlyk şertlerinde hyzmatdaşlygymyzyň maliýe ugry barada hem düýpli pikir etmegi zerur hasaplaýarys. Bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi, olary çözmek boýunça ýörite geňeşmeleri geçirmegi teklip edýäris» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Ýene-de okaň

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi