BIZNES

Energetika ulgamynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Rumyniýanyň energetika ministrliginiň binasynda geçirilen nobatdaky Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Buharestde bolýar.

Mejlisiň dowamynda birek-birege ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi tassyklanyldy.

Türkmen tarapynyň nygtamagyna görä, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri nebit-gaz önümçiliginde we nebithimiýa pudagynda kärhanalary mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmakdan we tehniki taýdan enjamlaşdyrmakdan, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän gazy gaýtadan işleýän toplumlary gurmak üçin taslamalary durmuşa geçirmekden, şol sanda, benzin, dizel ýangyjy, awiasiýa kerosinini, polietilen, polipropilen we beýleki gaz-himiki önümleri öndürmekden ybarat bolup durýar.

Şu nukdaýnazardan, serişdeleri tygşytlaýan öňdebaryjy tehnologiýalaryň we täzeçil ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň tejribesiniň giňden ornaşdyrylandygy bellendi.

Duşuşygyň ahyrynda degişli teswirnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi