MEDENIÝET

Türkmenistan “Korkut Ata” halkara kinofestiwalyna gatnaşýar

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherindäki Geýdar Aliýew merkezinde “Şuşa – türki dünýäsiniň medeni paýtagty” ýylynyň çäklerinde “Korkut Ata” III türki dünýäsiniň kinofestiwaly öz işine başlady.

Bu kinofestiwala Türkmenistan bilen bir hatarda Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Tatarystanyň, şeýle hem Gagauz, Saha-Ýakutiýa, Dagestan, Kabardino-Balkariýa, Karaçaýewo-Çerkesiýa, Tuwa we Başkortystan ýaly Russiýanyň birnäçe sebitlerinden 32 sany çeper, dokumental hem-de animasiýa filmleri hödürlendi.

Azerbaýjanyň resmi habarlar saýtynyň habar bermegine görä, bu ýurtlaryň filmleri 9-11-nji oktýabr aralygynda “Nizami” kinokonsert zalynda görkeziler.

Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligi, Geýdar Aliýew merkezi, TÜRKSOÝ, Azerbaýjanyň Kino agentligi we Baku media merkeziniň gurnamagynda geçirilýän kinofestiwalda emin agzalaryň hatarynda türkmen kinorežssýorlarynyň hem bardygyny bellemek gerek.

Festiwalyň açylyş dabarasynda çykyş eden Azerbaýjanyň medeniýet ministriniň orunbasary Farid Jafarow bu festiwalyň maksadynyň türki dünýäsiniň arasynda medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, “Korkut Ata” halkara kinofestiwaly 2021-nji ýyldan bäri geçirilýär. Şol ýyl bu festiwalyň ilkinjisi Stambul şäherinde geçirilipdi. 2022-nji ýylda bu festiwal Bursa şäherinde guraldy. Üstümizdäki ýylda bolsa, ony Azerbaýjan Respublikasy kabul edýär.

 

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy