Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamyny ösdürmegi häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şoňa görä-de, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ulag ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda netijeli çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynda geçirýän ýokary derejeli duşuşyklarynda, halkara we sebit forumlaryndaky çykyşlarynda ulag meselesine aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi, bir tarapdan, Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň kuwwatynyň barha artýandygynyň beýany bolsa, beýleki tarapdan, bu ugurda öňe sürülýän başlangyçlaryň zerurlygy dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşmagy bilen baglanyşyklydyr.
Şeýle hem ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşleriniň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag pudaklaryna görnetin ösüşler gazanylýar. Muňa şu ýylyň 9 aýynyň netijeleri hem aýdyň subutnamadyr.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol Hökümet mejlisinde berlen hasabata görä, ulag düzümleriniň ösüş depgini ýokary derejelerde saklanýandygyna göz ýetirmek bolar. Hasabat döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 123,3 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 105,9 göterime we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 105,2 göterime deň boldy.
Hasabat döwründe “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 108,4 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 118,4 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 226,2 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 107,1 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 111,6 göterime barabar boldy.
Ine, şeýle üstünlikler ulag düzümleriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki ornunyň uludygyny görkezýär. Häzirki zaman şertleri we talaplary Türkmenistanyň hem-de sebit döwletleriniň ulag-logistika pudagyny ösdürmek ugrundaky tagallalaryna işjeňlik berýär. Bu ugurdaky giň gerimli tagallalary Gahryman Arkadagymyz turuwbaşdan ýola goýdy we öňe sürlen başlangyçlar halkara giňişlikde gyzgyn goldaw tapdy. Bu babatdaky köptaraplaýyn işler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär.
Deniz Dädekow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Ulaglar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.