SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Londonyň “Heathrow” howa menziline uçup başlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” halkara uçar gatnawlarynyň ugurlaryny artydrmak ugrunda degişli işleri alyp barýar. Şonuň netijesinde, “Türkmenistan” awiakompaniýasy London ugry boýunça amala aşyrýan awiagatnawlaryny mundna beýläk ýurduň meşhur “Heathrow” howa menziline amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Bu beýanatda şeýle diýilýär:

Hormatly Ýolagçylar! 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan başlap “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti London şäheriniň “Heathrow” howa menziline her hepdäniň şenbe günleri Aşgabat-London-Aşgabat ugry boýunça gatnawlary ýerine ýetirip başlaýandygy barada Size habar berýäris!

Mundan ozal, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Beýik Britaniýanyň London şäheriniň Stansted howa menziline awiagatnawlayrny her hepdäniň çarşenbe günleri amala aşyryp geldi. Mundan soňra her häpdäniň şenbe günleri Aşgabatdan Hitrou howa menziline uçuşlar ýerine ýetiriler.

Awiapetekleri “turkmenistanairlines.tm” saýtyndan satyn almak mümkin. aşgabat-London ugry boýunça gatnawyň bir tarapynyň bahasy 6002,50 manat, London-Aşgabat ugry boýunça awiapetegiň bahasy bolsa, 6266,90 manat.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar