Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň esasy döwlet edaralary Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilýän “ADIPEC 2023” atly iri halkara nebitgaz sergisine gatnaşdy. Türkmenistanyň energiýa pudagy atly diwarlyk sergä gatnaşmak üçin gelen köp sanly döwletleriň hem-de kompaniýalaryň wekilleriniň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Bu barada ýurdumyzda iri halkara forumlary guramaga işjeň gatnaşýan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti habar berýär.
Norwegiýanyň, Şweýsariýanyň, BAE-niň, Kataryň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Pakistanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri Türkmenistanyň diwarlygy bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle hem “Sinopec”, “Rime”, “CGG”, “EGS”, “Xiat”, “ICA-Finance”, “S&P Global” we beýleki iri kompaniýalaryň köp sanlysy Türkmenistanyň energetika pudagyna gyzyklanma bildirdi.
Türkmenistanyň energetika pudagynyň diwarlygynda iri kompaniýalaryň ýolbaşçy düzümi işewürlik we maýa goýum tekliplerini beýan etdiler. Şeýle hem kompaniýalaryň birnäçesi nebiti gaýtadna işlemek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we ýaşyl energetika babatda özleriniň hyzmatlaryny hödürlediler.
Mälim bolşy ýaly, oktýabr aýynyň ahyrynda paýtagtymyz Aşgabatda hem iri energetika forumy geçirilýär. “OGT 2023” halkara nebitgaz maslahaty we sergisi “ADIPEC 2023” atly iri halkara nebitgaz sergisine gatnaşyjylarda hem uly gyzyklanma döretdi.
Habar berlişine görä, Aşgabatda geçiriljek halkara sergä 65 milli we halkara kompaniýa gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirip, öz diwarlygyny ýerleşdirmegi tassykladylar.
