Özbegistanyň we Russiýanyň Ulag ministrlikleriniň arasynda “Özbegistan-Türkmenistan-Hazar deňzi-Russiýa” boýunça ýük daşamagyň multimodal ugruny işläp düzmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Berlen maglumata görä, Daşkent şäherinde Özbegistanyň ulag ministri Ilham Mahkamow bilen Russiýanyň ulag ministriniň orunbasary Dmitri Zwerewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
– Iki ýurduň degişli edaralarynyň wekilleri “Özbegistan-Türkmenistan-Hazar deňzi-Russiýa” multimodal ugry boýunça eksport-import ýük gatnamalaryny guramak meselelerine seredip geçdiler – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.
Şeýle hem gepleşiklerde Daşkentden Günorta Sahaline göni awiagatnawlary guramak işi boýunça pikir alşyldy.
Mundan başga-da, halkara ýol ulaglary üçin rugsatnamalaryň sanyny we iki ýurduň şäherleriniň arasynda uçuşlaryň ýygylygyny köpeltmek meselesine seredilendigini habar berildi.
