SPORT

Türkmenistan-Bahreýn: 1-1

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasy Bahreýniň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Dubaý (BAE) şäherindäki “Police Officers’ Club Stadium” stadionynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygy 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Ýygyndy toparymyza deňlik getiren topy oýnuň 28-nji minutynda Teýmur Çaryýew öz adyna ýazdyrdy.

Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzüminiň ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek üçin ýygyndy toparymyza futbolçylaryň 23-sini çagyrandyklaryny ýatladýarys.

Ýygyndy toparymyz mundan öň, 8-nji sentýabrda Surabaýa şäherinde Indoneziýanyň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçiripdi. Bu duşuşyk 2:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlanypdy.

Ýeri gelende bellesek, geçirilen bije çekişligiň netijesinde Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrçasynda “E” toparça düşen Türkmenistanyň milli ýygyndysy Eýranyň hem-de Özbegistanyň ýygyndy toparlary bilen güýç synanyşar. Bu toparçanyň dördünji wekili birinji saýlama tapgyrynda güýç synanyşjak Gonkonk bilen Butanyň milli ýygyndylaryň arasyndaky ýeňiji bolar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny 16-njy noýabrda Özbegistanyň milli ýygyndysynyň garşysyna geçirer.

Ýene-de okaň

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady