DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygy ösdüriler

Türkmenistanyň we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli gurluş bölümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-wýetnam gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletleriň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde netijeli özara gatnaşyklary beýan edildi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar, sebit we halkara gün tertibi barada pikir alyşmak maksady bilen yzygiderli syýasy geňeşmeleriň işjeňligini saklamak barada ylalaşdylar.

Döwletara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek nukdaýnazaryndan bilim, ylym, sport we medeni alyş-çalyş ugurlarynda geljekki hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryndan biri hökmünde bellenildi. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, iki ýurduň işewür toparlarynyň, degişli döwlet edaralarynyň arasynda birnäçe çäreleri geçirmek teklip edildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri