DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwilä ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin alyp barýan işlerinde gruzin tarapynyň ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky häzirki ýagdaýyny we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem ýokary derejede saparlary gurnamak, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilçi hem öz gezeginde, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigini ynandyrdy.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Skopýe şäherinde geçirilen ministrler maslahatyna gatnaşdy

Dünýäni gyzyklandyrýan saýlaw:  wagtyndan öň ses bermekde rekord

Ata Watan Eserleri

“Super Mario” rekord bahadan satyldy