JEMGYÝET

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Meredow Özbegistannyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Özbegistanyň Daşary işler ministri Ilçini wezipä bellenmegi mynasybetli gutlamak bilen, oňa ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek boýunça alyp barjak işinde özbek tarapynyň goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça has hem işjeňleşendigi bellenildi.

Ilçi, öz gezeginde, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy.

Related posts

Forbes: iň baý zenan aýdymçy…

vepa

Ahal welaýatynda we Aşgabatda suw hojalygyna degişli täze desgalar açyldy

Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi geçirildi