JEMGYÝET

Ahal welaýatynda we Aşgabatda suw hojalygyna degişli täze desgalar açyldy

Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda suw hojalygyna degişli täze, döwrebap desgalaryň açylyp ulanmaga berildi.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze gurlan suw göteriji bekedi Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýasynyň öndüren suw göteriji enjamlary ornaşdyrylypdyr. Suw göteriji bekediň kuwwaty 6 müň gektardan gowrak ekerançylyk ýerini suw bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Onuň gurluşyk işlerinde jemi uzynlygy 39 müň 789 metr, şol sanda uzynlygy 26 müň 929 metr bolan täze suw geçiriji turbalar we uzynlygy 12 müň 860 metr bolan täze beton akabalar guruldy.

Açylyş dabarasy etrabyň çäginde täze gurlan beýleki bir suw göteriji bekediň çäginde dowam etdi. Bu iki suw göteriji bekediň sazlaşykly işi arkaly dag etek belentligindäki ekerançylyk ýerleri suw bilen bökdençsiz üpjün ediler. Suw göteriji bekediň gurluşyk işlerinde jemi uzynlygy 42 müň 74 metr, şol sanda uzynlygy 23 müň 659 metr bolan täze suw geçiriji turbalar we uzynlygy 18 müň 415 metrlik täze beton akabalar guruldy. Ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan taslamada suw hojalygynyň häzirki zaman enjamlary we usullary ornaşdyryldy. Gün panelleri tebigy şöhläni elektrik energiýasyna öwrüp, suwaryşda ulanylýan zerur enjamlaryň üznüksiz işlemegini üpjün edýär. Beketde suw sanly ulgam arkaly gerekli wagtda awtomatik usulda dolandyrylýan, suwarymly ýerler üçin zerur bolan gatlalar arkaly paýlanylýar.

Aşgabat şäherinde Garagum derýasynyň ugrunda gurlan suw akymyny sazlaýjy-bekleýji desganyň açylyş dabarasy hem ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda “Interbudmontaž” kompaniýasy tarapyndan gurlan, suw akymyny sazlaýjy-bekleýji täze, döwrebap desga paýtagtymyzyň hojalyk we agyz suw üpjünçilik derejesini has-da ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Täze gidrotehniki desganyň kuwwaty sekuntda 181 kub metre deň bolan suwy geçirmäge mümkinçilik berýär. Onda ähli işler awtomatik ýagdaýda dolandyrylýar. Suw desgasynyň gatlalary elektromehaniki usulda açylyp-ýapylyp, suwa we onuň töweregindäki ýagdaýlara sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady