DÜNÝÄ

Merkezi Aziýanyň Prezidentleri Duşanbede duşuşarlar

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy şu ýylyň sentýabr aýynyň 14-15-inde Duşanbe şäherinde geçirmek göz öňünde tutuldy. Bu barada Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin belläp geçdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda möhüm resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olaryň iň esasysy döwlet Baştutanlary tarapyndan tassyklanjak jemleýji Beýannama bolar.

Mundan başga-da, Duşanbedäki duşuşygyň çäklerinde 2 sany möhüm ylalaşyga gol çekiler. Olaryň biri ýer ulaglary pudagyny gurşap bolar, beýlkesi bolsa ýaşlar syýasaty bilen baglanyşykly bolar.

Şeýle hem ministriň bellemegine görä, Täjigistan bu sammitiň döwründe ýene-de 12 sany goşmaça çäreleri guramagy teklip etdi. Olaryň arasynda  ykdysady forum, alymlaryň duşuşygy, medeni çäreler, sebitiň 5 ýurdunyň milli tagamlaryň sergisi bar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri